“Ýewropada aşa sagjylaryň terrorçylykly hüjümlerine dur diýmegiň wagty geldi”

Türkiýe Ýewropada aşa sagjylaryň terrorçylykly hüjümlerine dur diýmegiň wagtynyň gelendigini, ýogsam rasizmiň has uly netijeleriniň boljakdygy barada duýduryş berdi

1363284
“Ýewropada aşa sagjylaryň terrorçylykly hüjümlerine dur diýmegiň wagty geldi”

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Germaniýanyň hanau şäherinde düýn agşam guralan hyýanatçylykly hüjümi, barha artýan rasizmiň we Yslam duşmançylygynyň täze we wehimli bir subutnamasy hökmünde häsýetlendirdi.

Bu hüjümi özbaşdak hüjüm hökmünde kabul etmegiň mümkin däldigi aýdylýan beýanatda: “Ýewropada barha artýan daşary ýurt duşmançylygyna garşy göreşde bildirilýän perwaýsyzlyk, şuňa meňzeş hüjümlere ýene-de bir täze hüjümiň goşulmagyna sebäp boldy. Mundan beýläk bu hüjümlere dur diýmegiň wagty geldi. Ýogsam rasizmiň we daşary ýurt duşmançylygyň has uly netijeleri bolar we howply ýagdaýa geler. ”

Germaniýanyň Hanau şäherinde düýn agşam 2 aýry kafe guralan ýaragly hüjümde, aralarynda türkler hem bolan jemi 9 adam ýogaldy.

Ýöriteleşdirilen harby topar tarapyndan guralan operasiýada hüjümi guran aşa sagjy 43 ýaşyndaky Tobias R. we 72 ýaşyndaky ejesi öýünde öli ýagdaýda tapyldy.

Hüjümçi Tobias R-de ozal awlamak ygtyýarynyň bolandygy we ölmeden ozal bir hat bilen wideo ýazgy alandygy aýan edildi.



Degişli Habarlar