Erdogan we Mirziýoýew umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Özbegistan bilen eksport we import görkezijilerini iň gysga wagtda 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini habar berdi

1362860
Erdogan we Mirziýoýew umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Prezident Erdogan we resmi sapar bilen Türkiýä gelen Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, Prezidentiň Kompleksinde geçiren ikiçäk we ondan soň ýolbaşçylyk eden Ýokary Derejeli Strategik Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň maslahatyndan soň, umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Çykyşynyň başynda “Doganym” diýip ýüzlenen we Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýewiň we wekiliýetiniň saparyna hoşallyk bildiren Erdogan, Ýokary Derejeli Strategik Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ilkinji maslahatynyň geçirilmegi bilen taryhy bir ädim edendiklerini habar berdi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny gözden geçirendiklerini aýdan Erdogan: “Söwda kuwwadymyz 2019-njy ýylda 2018-nji ýyla garanyňda takmynan 27 göterim artdy. Söwda kuwwadymyzyň 2,2 milliard dollara ýetmegi elbetde uly bir üstünlikdir. Iki ýurdyň söwda gatnaşyklarynda ilkinji gezek hem eksportda hem-de importda her biri boýunça 1 milliard dollar görkezijilerini geçdik, emma entegem öňümizde aşmaly bolan ýollarymyz bar. Hormatly Prezident bilen muny iň gysga wagtda 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris” diýip nygtady.

Erdogan myhman lider bilen tranpsort, energetika, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bilim, goranyş senagaty ugurlarynda hyzmatdaşlygy we harby gatnaşyklary nähili ýagdaýda özgerdip biljekdikleri barada hem pikir alyşandyklaryny mälim etdi.



Degişli Habarlar