Öýünde PKK-ly terrorçyny saklan HDP-li deputata garşy kazyýet işi gozgaldy

Ekstremist terror guramasy PKK-a ýaran tapmak üçin iş alyp baran terrorçyny öýünde saklaýandygy anyklanan Halklaryň Demokratik partiýasynyň (HDP) Wan welaýatyndan deputaty Murat Sarysaça garşy kazyýet işi gozgaldy

1360370
Öýünde PKK-ly terrorçyny saklan HDP-li deputata garşy kazyýet işi gozgaldy

Wan welaýatynyň Respubilkan Baş prokuraturasy tarapyndan Halklaryň Demokratik partiýasynyň (HDP) Wan welaýatyndan deputaty Murat Sarysaça garşy “Terror guramasyna kömek bermek, terrora garşy göreş kanunynyň 6-njy maddasyna ters gelýän hereket etmek we döwlet işgäriniň göwnüne degmek” ýaly aýyplamalar sebäpli kazyýet işi gozgaldy.

Halklaryň Demokratik partiýasynyň (HDP) Wan welaýatyndan deputaty Murat Sarysaçyň Wandaky öýünde gizlenýändigi we terror guramasyna ýaran tapyp bermek bilen meşgullanandygy anyklanan 1 terrorçy göz tussaglygyna alyndy.

Terrorçynyň Halklaryň Demokratik partiýasynyň (HDP) Wan welaýatyndan deputaty Murat Sarysaça degişli ulagdan düşürilip göz tussaglygyna alynan pursatlar, kamera tarapyndan bellige alyndy.



Degişli Habarlar