Türkiýe Nigeriýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

“Hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys"

1356960
Türkiýe Nigeriýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

 

Türkiýe Nigeriýanyň Borno welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Nigeriýadaky terrorçylykly hüjümde birnäçe adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirildi.

Beýanatda, “Hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys, hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Nigeriýanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris” diýildi.

Terror guramasy Boko Haramyň Borno welaýatynda guran hüjüminde 30 adam ýogalypdy, köp sanly adam hem ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar