"Asada tabynlykdaky güýçler üçin hüjümiň jerimesi agyr bolar"

Prezident Erdogan Ýaşaýan ynsan hazynalary baýrak gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy

1357404
"Asada tabynlykdaky güýçler üçin hüjümiň jerimesi agyr bolar"

Prezident R. T. Erdogan, Siriýanyň Idlib welaýatynda türk harby gözegçilik nokadyna hüjüm eden Asada tabynlykdaky güýçler üçin hüjümiň jerimesiniň agyr boljakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Beştepe Millet kongre we medeniýet merkezinde geçirlen Ýaşaýan ynsan hazynalary baýrak gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

Çykyşynda düýn 5 esgeriň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjüm hakynda durup geçen Erdogan “Hüjüme berk gaýtawul berildi. Asada tabynlykdaky güýçler üçin hüjümiň jerimesi agyr bolar”diýdi.

Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki mejlis toparynda ertir geçiriljek maslahatda hem Idlibdäki hüjümden soň görüljek çäreleriň seljeriljekdigini belledi.



Degişli Habarlar