Milli Goranmak ministri Hulusi Akar grek kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki kärdeş howpsyzlyk taýdan edilýän gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

1353812
Milli Goranmak ministri Hulusi Akar grek kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Gresiýanyň Goranmak ministri Nikolaos Panagiotopoulos bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Goranmak ministrliginden berlen beýanatda Akar bilen Panagiotopoulosyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde 2020-njy ýylyň fewral aýynyň 12-13-i aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek NATO-nyň Goranmak ministrleriniň maslahaty bilen fewral aýynyň 17-21-i aralygynda Gresiýada geçiriljek Ynamy artdyryjy çäreler maslahaty üçin görülýän taýarlyklar we iki ýurduň arasynda howpsyzlyk taýdan edilýän gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar