"Hüjüme degişli jogaby berdik we bermäge dowam ederis"

Prezident Erdogan “Ilkinji kesgitlemelere görä, garşy tarapda 30-35 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýip belledi

1351940
"Hüjüme degişli jogaby berdik we bermäge dowam ederis"
kalın.jpg
altun.jpg

 

Prezident R. T. Erdogan, Idlibde 4 esgeriň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjüme degişli jogaby berendiklerini we bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan Ukraina gitmezinden ozal beren beýanatynda “Ýurdumyzyň, halkymyzyn weI doganlarymyzyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin guraýan operasiýalarymyzy egilşiksiz dowam etdireris. Şuňa meňzeş hyýanatçylykly hüjümler Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşini bökdäp bilmez”diýdi.

Erdogan F-16 harby uçarlar bilen hüjüme degişli jogabyň berlendigini nygtady.

Prezident Erdogan “Ilkinji kesgitlemelere görä, garşy tarapda 30-35 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýip belledi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Idlibde şehit bolan 4 esger üçin gynanç bildirdi.

Şentop, Twitterden beren beýanatynda “Idlibde şehit bolan gahryman esgerlerimize Alladan rehnet, ýaralanan esgerlerimize gyssagly şypa dileýäris. Eziz halkymyza hem gynanç bildirýäris” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bolsa “Şehitlerimiziň ganlary ýerde galmady we galmaz” diýdi.

Çawuşogly mesele hakynda beren beýanatynda “Şehit gahryman esgerlerimize Alladan rehnet, ýaralanan esgerlerimize gyssagly şypa dileýärin. Şehitlerimiziň ganlary ýerde galmady we galmaz” diýdi.

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem Idlibde 4 esgeriň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjüme degişli jogabyň berlendigini aýtdy.

Kalyn Siriýaly esgerleriň ot açmagy netijesinde Idlibde şehit bolan 4 esgere Alladan rehnet, hossarlaryna gynanç we ýaralananlara şypa diledi.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun hem hüjüme gynanç bildirdi.

Siriýanyň Idlib welaýatynda Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan hüjümlerde 4 esger şehit boldy, biri agyr 9 esger hem ýaralandy.

 



Degişli Habarlar