Elazyg welaýatynda bolan ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) ýer titreme sebitindäki gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

1347414
Elazyg welaýatynda bolan ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Türkiýäniň Elazyg welaýatynyň Siwrije etrabynda anna güni Türkiýäniň wagty bilen sagat 20.55-de bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinde häzirki wagta çenli jemi 36 adam ýogaldy, 1607 adam ýaralandy.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) ýer titreme sebitindäki gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Harabalyklaryň aşagyndan çykarylan 45 adam diri ýagdaýda çykarylyp, ýer titreme sebitindäki 76 bina bolsa dolulygyna ýumruldy.

Ýer titremeden soň döwlet edaradyr kärhanalary we jemgyýetçilik guramalary işlerini arakesmesiz dowam etdirýärler.

Elazyg welaýatynda 3 aýry nokatda 5 müň çadyr gurulyp, zyýan çeken adamlaryň hyzmatyna hödürlendi, getirilen mobil ýük ulagy bilen bolsa gyzgyn naharlar paýlanýar.

Sebitde adaty zerurlyklar bilen birlikde ejir çeken adamlara psihososial taýdan hem kömek berilýär.

Beýleki tarapdan bolsa Prezident Rejep Taýýip Erdogan ýer titremäniň bolan ýerine baryp, gözegçilik işlerini geçirdi.

Elazyg welaýatynda gözleg we halas ediş işleriniň giň-gerimli alynyp barylýan Sürsürü we Mustafa Paşa etrapçalaryna baran Erdogan: “Döwletimiz ähli mümkinçiliklerini, ähli guramadyr edaralary bilen birlikde ulanýar” diýip habar berdi.

Erdogan Malatýa welaýatyna baryp hem gözegçilik işlerini geçirdi.

Beýleki tarapdan Türkiýe Elazyg welaýatynda başdan geçirilen ýer titremeden soň jebisleşdi.

Biri-birinden tapawutly welaýatlardan gözleg we halas ediş toparlar bilen birlikde gündelik durmuş üçin gerek bolan materiallar sebite ugradyldy.

Käbir futbol klublary hem geçirilen duşuşyklardan alynan girdejilerini zyýan çeken adamlara bagyş etdi.  

Elazyg welaýatyndaky ýer titreme dünýäde giň seslenme döretdi.

Halkara habarlar agentlikleri ýer titreme habaryny gyssagly habarlar kody bilen paýlaşdylar.

Ýer titremeden soň köp sanda ýurdyň ýolbaşçylary gynanç bildirdi.

6,8 bal ululygyndaky ýer titreme Yrak, Eýran, Siriýa, Liwan we Ysraýyl ýaly ýurtlarda duýuldy.

Beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşigi, Elazyg welaýatyndaky ýer titremeden soň Emeli hemra görkezme ulgamyny işledip başladandyklaryny habar berdi.

ÝB Komissiýasynyň Krizis dolanşygyndan jogapkär agzasy Ýanez Lenarçiç, Kopernik emeli hemra görkezme ulgamynyň Türkiýäniň talabyna laýyklykda işledilmäge başlanandygyny mälim etdi.

Ýanez Lenarçiç bu ulgamyň meýdanda gözleg we halas ediş işlerine kömek berjekdigini, ÝB-niň bolsa has hem köp kömek etmäge taýardygyny aýan etdi.



Degişli Habarlar