Elazygda bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinde 22 adam ýogaldy

Ýeriň 6,75 kilometr aşagynda bolan ýer titremesi 40 sekunt dowam etdi

1347077
Elazygda bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinde 22 adam ýogaldy

 

Elazygyň Siwrije etrabynda düýn Türkiýe wagty bilen 20.55-de bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinde 22 adam ýogaldy, 1103 adam ýaralandy.

Ýeriň 6,75 kilometr aşagynda bolan ýer titremesi 40 sekunt dowam etdi.

Ýer titremesi Adana, Hataý, Osmaniýe, Tunjeli, Gaziantep, Malatýa, Mardin, Samsun, Tokat, Çorum, Mardin, Kaýseri welaýatlarynda we Siriýanyň demirgazygynda hem täsirli boldy.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum bilen Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Elazyga gitdi.

Gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär

Kandilli Rasathanesi bolsa 6,5 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň welaýatda 228 ýer sarsgynynyň bolandygyny habar berdi.

Prezident R. T. Erdogan hem ýer titremesinden soň geçirilýän gözleg we halas ediş işleri bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Erdogan halkyň howpsyzlygy üçin degişli çäreleriň görlendigini habar berdi.

Prezident Erdogan ýer titremesinde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa diledi.



Degişli Habarlar