Mewlüt Çawuşogly Germaniýanyň Bild gazedine beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Germaniýanyň Bild gazedine beýanat berdi

1345975
Mewlüt Çawuşogly Germaniýanyň Bild gazedine beýanat berdi

Ministr Mewlüt Çawuşogly, başda Liwiýa maslahatynyň netijesi bolmak bilen özüne berilen soraglara jogap berdi.

Ministr Çawuşogly, Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen Liwiýa temaly maslahatyň jarnamasynyň, ähli gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan goldanmagynyň gowy bir başlangyçdygyny beýan etdi.

Çawuşogly, Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýä bosgunlar bilen bagly beren sözünde durmandygyny aýan etdi.

Siriýanyň Idlib sebitindäki asuda ilat ýitgilerine we göç meselesine alada bildirýändigini aýdan Çawuşogly, 400 müň adamyň öz ýerlerinden göçmäge mejbur edilendigini habar berdi.

Prezident Erdoganyň howpsyz zolak bilen bagly çagyryşyna hem ünsleri çeken Çawuşogly: “Munyň üçin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde bir karar kabul edilmegi gerek” diýip mälim etdi.

Russiýa bilen gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçen Çawuşogly, Russiýa bilen gatnaşyklaryň Günbatara alternatiwa ýa-da howp emele getirmeýändigini aýan etdi.



Degişli Habarlar