Merkel ertir iş sapary bilen Türkiýä geler

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň çakylygyna laýyklykda ertir iş sapary bilen Türkiýä geler

1346281
Merkel ertir iş sapary bilen Türkiýä geler

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen ýazmaça beýannama görä Erdogan bilen Merkeliň arasynda geçiriljek duşuşykda Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn seljeriler.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hasam ösdürilmegi üçin pikir alyşyljak duşuşykda, Germaniýanyň iýul aýynda başlajak ÝB-niň Döwürleýin başlyklygynyň çäginde Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, agzalyk tapgyry, Gümrük Bileleşiginiň şertleriniň aktuallaşdyrylmagy we wiza erkinligi ýaly ugurlara aýratyn üns beriler.

Duşuşykda özara gatnaşyklaryň ýany bilen Liwiýa we Siriýa ýaly sebitleýin hem-de halkara meseleler boýunça pikir alyşylar.

Saparyň çäginde Türk-Nemes uniwersitetiniň täze bilim we sosial desga binalarynyn resmi açylyşy Erdogan bilen Merkeliň gatnaşmagynda bolar.  



Degişli Habarlar