Goranmak ministrligi Hafter güýçleriniň Tripolidäki hüjümini ýazgardy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, general Halife Haftere bagly güýçleriň Tripoli şäherindäki Harby mekdebe guran hüjümini berk ýagdaýda ýazgardy

1334999
Goranmak ministrligi Hafter güýçleriniň Tripolidäki hüjümini ýazgardy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň resmi Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Parahatçylygyň duşmany bolan Hafter güýçleriniň hukuksyz emellerini amala aşyrmak maksady bilen Tripolidäki Harby mekdebe guran hüjümini berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýip bellendi. 

Beýanatda hüjümde Liwiýanyň gelejegi bolan 31 bigünä harby talybyň şehit edilendigi, 30-dan gowrak talybyň bolsa ýaralanandygy habar berildi. 

 


Etiketkalar: #Liwiýa , #Türkiýe

Degişli Habarlar