Erdogan Milli Howpsyzlyk gullugynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident Erdogan Türkiýäniň Milli Howpsyzlyk gullugynyň edýän işleri bilen dünýäniň her ýerinde hereket edip bilmek mümkinçiligine eýe bolandyklaryny habar berdi

1335685
Erdogan Milli Howpsyzlyk gullugynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
erdogan mit'in acilisi1.jpg
MIT'in yeni binasi KALE2.jpg
MIT'in yeni binasi KALE1.jpg
MIT'in yeni binasi KALE.jpg

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Milli Howpsyzlyk gullugynyň Ankara şäheriniň Etmisegut etrabynyň Baglyja etrapçasynda gurulan täze binasy KALE-niň açylyş dabarasynda söz sözledi. 

Türkiýäniň we dünýäniň tankydy tapgyrdan geçýändigini, häzirki wagtda Milli Howpsyzlyk gullugynyň goldawyna hemişekiden has köp zerurlygyň bardygyny aýdan Erdogan: "Sebitleýin we global güýçleriň geografiýamyzdaky bäsleşikleriniň sebäp bolan bulaşan we üýtgeýän meseleleriň öňünde elimiz, golumyz daňylgy durup bilmeris" diýip belledi. 

Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän wakalaryň üstünde durup geçen Erdogan: "Gündogar Ortaýer deňizinde ýurdumyza garşy döredilen alýanslaryň we göreşleriň netijesi, ýakyn geljegimiz üçin örän wajypdyr" diýip nygtady. 

Milli Howpsyzlyk gullugynyň Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçynyň derňelmegindäki rolunyň hem üstünde durup geçen Erdogan: "Kaşykçy jenaýatynyň derňelmeginde Milli Howpsyzlyk gullugynyň oýnan roly, halkara derejede ýurdumyzyň ýüzüni agartjak derejededir" diýip belledi. 

Erdogan Milli Howpsyzlyk gullugynyň, soňky wagtlarda terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçylaryna garşy Demirgazyk Yrakda geçiren operasiýalary bilen, özüni iň howpsyz ýagdaýda duýan ýolbaşçylaryň ol ýerdäki ýerlerini ýer bilen ýegsan edendigini beýan etdi. 

Erdogan, Milli Howpsyzlyk gullugynyň Liwiýada öz üstüne düşen wezipäni artykmajy bilen ýerine ýetirendigini belläp: "Türkiýe Milli Howpsyzlyk gullugynyň edýän işleri bilen dünýäniň her ýerinde hereket edip bilmek mümkinçiligine eýe boldy" diýip habar berdi. 

 



Degişli Habarlar