Erdogan: “Liwiýada hüjümler dessine bes edilmeli”

Prezident R.T.Erdogan Tunise guran garaşylmadyk saparynda kardeşi Kaýs Said bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi

1329549
Erdogan: “Liwiýada hüjümler dessine bes edilmeli”

Çykyşynda Liwiýadaky halkara derejesinde ykrar edilýän Milli jebislik hökümetine garşy huntajy Haftara degişli güýçler tarapyndan guralýan hüjümler barada-da durup geçen Erodgan, bu ýaramaz wakalaryň Tunisi hem-de goňşy ýurtlary biynjalyk edýandigini nygtady.

Erdogan Liwiýada durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrunda edilýän tagallalara Tunisiň uly goşant goşjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Prezident ERdogan Tunisiň döwlet Ýolbaşçysy Kaýs bilen Liwiýada hüjümleriň bes edilip, syýasy tapgyra dolanyp gelmek üçin edilip bilinjek başlangyçlar, hyzmatdaşlyk ugurlar hakynda pikir alyşandyklaryny beýan etdi.

Erdogan Liwiýa goşun ugrat barada bolsa: “Biz şu günki güne çenli haýsydyr bir ýere çakylyksyz gitmedik. Eger çakylyk gelse elbetde ony seljereris” diýdi.

Liwiýa bilen ylalaşyga gol çekişendiklerini nygtan Erdogan, mundan soňky tapgyryň hem hyzmatdaşlyk esasynda dowam etjekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar