Mewlüt Çawuşogly Georgiý Gahariýa bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gruziýanyň Premýer ministri Georgiý Gahariýa tarapyndan kabul edildi

1328138
Mewlüt Çawuşogly Georgiý Gahariýa bilen duşuşyk geçirdi

Mewlüt Çawuşogly we ýanyndaky wekiliýet, Türkiýe-Gruziýa-Azerbaýjan Daşary işler ministrleriniň 8-nji üçtaraplaýyn maslahatyna gatnaşmak maksady bilen giden Tbiliside, ýurdyň Premýer ministri Gahariýa tarapyndan kabul edildi.

Metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşykda, Türkiýe bilen Gruziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar we şol gatnaşyklaryň has hem özgerdilmegi meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn söwda kuwwadynyň artdyrylmagy, ikitaraplaýyn häsýetdäki maýa goýumlaryň höweslendirilmegi mesleleriň gün tertibe getirilen duşuşykda, Türkiýäniň Gruziýanyň territorial bütewiligine we özbaşdaklygyna berýän goldawy we ähmiýeti bellenip geçildi.

Duşuşykda, öňümizdäki ýyl geçiriljek Türkiýe-Gruziýa Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşi maslahatynyň we ondan soň Prezident R.T. Erdoganyň Gruziýa gurajak sapary maslahatlaşyldy.

Mewlüt Çawuşogly we ýanyndaky wekiliýet, Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliana bilen hem duşuşyk geçirdi.



Degişli Habarlar