Erdogan Eksportçylaryň hyzmaty duşuşygynda çykyş etdi

Stambul şäherinde Eksportçylaryň hyzmaty duşuşygynda çykyş eden Prezident Erdogan, eksporty 500 milliard dollara ýetirmek maksadyna örän baglydyklaryny habar berdi

1327388
Erdogan Eksportçylaryň hyzmaty duşuşygynda çykyş etdi

Ýylyň 3-nji çärýegindäki položitel ösüş bilen Türkiýäniň ýaňadandan ösüş etabyna girendigini aýdan Erdogan, inflýasiýanyň peselendigini, täze iş orunlarynda gowy netijeleriň alynmaga başlanandygyny we biržanyň soňky 1,5 ýylyň iň ýokary derejesine ýetendigini mälim etdi. 

Erdogan ykdysady ynam indeksiniň noýabr aýynda 1,7 göterim artyp, 91,3 göterim bolandygyny, noýabr aýynda täze gurulan kärhanalaryň sanynyň 2018-nji ýylyň noýabr aýyna garanyňda 1,2 göterimlik artyş bellige alynandygyny habar berdi.  

Erdogan, Stambul Kanaly taslamasy bilen baglanşykly bolsa, öňümizdäki hepdelerde tendr geçirjekdiklerini we taslamany durmuşa geçirmäge başlajakdyklaryny aýan etdi. 

 


Etiketkalar: #taslama , #Erdogan

Degişli Habarlar