Erdogan: "Liwiýada başdan geçirilýänlere tomaşaçy bolup galmagymyz mümkin däl" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, Türkiýäniň Liwiýada başdan geçirilýänlere tomaşaçy bolup galmagynyň mümkin däldigini belledi

1327074
Erdogan: "Liwiýada başdan geçirilýänlere tomaşaçy bolup galmagymyz mümkin däl" diýdi

Prezident Erdogan, Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherine guran saparyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi.

Liwiýadaky ýaragly güýçleriň lideri Hafteriň kanuny däldigini aýdan Erdogan: "Hafter kanuny bir syýasatçy däl, adam bikanun. Ony kanunylaşdyrmak üçin tagalla edýänler bar. Faýiz As-Serraj bolsa kanuny bir liderdir, kanuny bir wekildir" diýip belledi. 

Käbir ýurtlaryň Serrajy ýok hasap etjek bolýandygyny aýdan Erdogan: "Müsür, Abu Dabi, Fransiýa, hatda Italiýa hem şolaryň arasynda. Gynansagam Russiýa özi görünmesede, döreden firmasy bär. ABŞ-nyň hem şuňa meňzeş firmalary köp. Mysal üçin Owganystanda ozalky esgerleriň emele getiren firmalary bar. Olara köp mukdarda pul berilýär we olar hem öz gezeginde Owganystanda söweşi bikanun ýagdaýda alyp barýarlar. Liwiýada Wagner diýip atlandyrylýan guramanyň üsti bilen, bular Hafteriň hakyna tutma esgerleri hökmünde onuň ýanynda iş alyp barýarlar. Puluny kim berýändigi bolsa mälim" diýip habar berdi. 

Ähli bu zatlaryň öňünde Türkiýäniň tomaşaçy bolup galmagynyň dogry däldigini aýdan Erdogan: "Biz hem elimizden gelenini häzirki wagta çenli etdik we etmäge dowam ederis" diýip mälim etdi. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #Liwiýa

Degişli Habarlar