Prezident Erdogan Malaýziýa gitdi

Prezident Erdogan saparynyň çäginde ilki Premýer ministr Mahathir Muhammedi kabul etdi

1325575
Prezident Erdogan Malaýziýa gitdi

Prezident R. T. Erdogan  Kuala-Lumpur maslahatyna gatnaşmak üçin Malaýziýa gitdi.

Prezident Erdogan Malaýziýa guraýan saparynyň çäginde ilki Premýer ministr Mahathir Muhammedi kabul etdi.

Metbugata ýapyk häsiýetindäki kabul edilşiketden soň Prezident Erdoganyň we Malaýziýanyň Premýer ministr Mahathiriň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegini öz içine alýan 15 şertnama gol çekişildi.

Türkiýe bilen Malaýziýanyň goranyş we tehnalogiýa firmalarynyň arasynda hem 14 sany ýagşy niýet şertnamasy baglaşyldy.

Prezident Erdogan indan soň bolsa, Malaýziýanyň Şasy Soltan Abdullah Riaýatuddin Mustafa Billah Şah bilen duşuşyk geçirdi. 

Şa köşgünde metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşyk takmynan 30 minut dowam etdi. 

Duşuşyga Prezident Erdoganyň aýaly Emine Erdogan we Malaýziýanyň Şasy Soltan Abdullahyň aýaly Azizah Aminah Maimunah Iskandariah hem gatnaşdy. 

 

 

 



Degişli Habarlar