Türk ýolbaşçylary ABŞ-nyň Senadynyň kararyna nägilelik bildirýärler

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Amerikan senadynyň 1915-nji ýyldaky hadyslary Ermeni genosidi hökmünde ykrar edýän karar taslamasyny kabul etmegine berk ýagdaýda reaksiýa bildirdi

1322822
Türk ýolbaşçylary ABŞ-nyň Senadynyň kararyna nägilelik bildirýärler

Mewlüt Çawuşogly: “Taryhy syýasy maksatlar bilen ulanýanlar, hakykatlar bilen ýüz-ýüze gelmek islemeýän gorkaklardyr” diýip belledi.

Çawuşogly özüniň Twitter hasabynyň üsti bilen beren beýanatynda: “Amerikan Senadynyň karary syýasy bir çykyşdan ybaratdyr. Taryhy syýasy maksatlar bilen ulanýanlar, hakykatlar bilen ýüz-ýüze gelmek islemeýän gorkaklardyr” diýip nygtady.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez hem karary ýazgardy.

Fatih Dönmez: “Bu ýalňyşyndan dänerler we ençeme ýyl bäri hyzmatdaşlyk edýän, NATO-da we beýleki halkara platformalarda gatnaşyk saklaýan bir ýurdumyz bolan ABŞ bilen gatnaşyklarymyz kadalaşar diýip umyt edýärin” diýip belledi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun hem, Amerikan Senadyna nägilelik bildirdi.

Altun özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “Kabul edilen Ermeni kanun taslamasy, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň gelejegine howp salýar. Sanksiýalar we hemleler milli howpsyzlygymyzy goramakdan dändirmez” diýip aýan etdi.

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem: “ABŞ-nyň senadynyň kararyny berk ýagdaýda ýazgarýarys we ret edýäris. Biziň üçin güýji bolmaýan bu karar, Türkiýäniň hakly we tutanýerli pozisiýasyna täsir ýetirip bilmez” diýip mälim etdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Mahir Ünal hem: “Senat tarapyndan kabul edilen bu karary ýazgarýarys, karary ýok hökmünde garaýarys”  diýip nygtady.

Kararyň kabul edilmegi Adalat we ösüş partiýasy bilen birlikde Respublikan Halk partiýasy, Milletçi Hereket partiýasy we Iýi partiýanyň wekilleri tarapyndan hem ýazgaryldy.

Demokratlaryň Nýu-Džersiden Senatory Bob Menendez we Respublikanlardan Tehasdan Senatory Ted Kruz tarapyndan hödürlenen ady agzalan kanun taslamasy ABŞ-nyň Senady tarapyndan düýn sese goýulypdy.  



Degişli Habarlar