Hatije Jeýlan HDP-e garşy protestlerini dowam etdirýän beýleki eneler bilen duşuşdy

Öz ogluna gowuşan Hatije Jeýlan, HDP-e garşy protestlerini dowam etdirýän beýleki eneler bilen duşuşdy

1321138
Hatije Jeýlan HDP-e garşy protestlerini dowam etdirýän beýleki eneler bilen duşuşdy

Ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan 15 ýaşynda mahaly zamun alynan ogly Jafer Jeýlana gowuşan Hatije Jeýlan, öz ogullarynyň azat edilmegi üçin nobatlaryny dowam etdirýän maşgalalaryň ýanyna bardy, olar bilen gujaklaşdy. 

Diýarbakyrdaky eneleriň, daga alynyp gidilen çagalary üçin Halklaryň Demokratik Partiýasynyň welaýat müdürliginiň binasynyň öňünde 3-nji sentýabrda başladan protestleri eýýäm 99 gün bäri dowam edýär. 

Diýarbakyryň Kaýapynar etrabyndan 8-nji oktýabrda öz ogly üçin nobata durmaga başlan we gije buşlukly habardan soň öz oglyna gowuşan Hatije Jeýlan, buşlukly habaryny Diýarbakyrda protest nobatlaryny dowam etdirýän beýleki eneler bilen paýlaşmak üçin, HDP-nyň welaýat merkezi binasynyň öňüne gitdi. 

Alkyşlar bilen garşylanan Hatije Jeýlan, protestlerini dowam etdirýän eneler bilen gujaklaşdy, olara göwünlik berdi. 

Hatije Jeýlan beren beýanatynda, örän bagtyýardygyny habar berdi. 

"Bu ýerdäki maşgalalar nobatlaryny dowam etdirsinler, bu ýerden turmasynlar. Ejeler we kakalar gorkmasyn, ählisi bu ýere gelsinler. Ähli ejeler we kakalar öz çagalary üçin bu ýere ýygnansynlar. Hiç zat adamyň çagasy ýaly ähmiýetli däldir" diýen Hatije Jeýlan, alkyşlar bilen garşylanandygyny, munyň örän gowy bir duýgudygyny beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar