Erdogan NATO agza ýurtlaryň liderleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Londona gider

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Erdogan dekabr aýynyň 3-5-i aralygynda Britaniýada bolar

1316384
Erdogan NATO agza ýurtlaryň liderleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Londona gider

Prezident R.T.Erdogan NATO-nyň döredilen gününiň 70 ýyllygy mynasybetli paýtagt Londonda geçiriljek NATO agza ýurtlaryň liderleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin şu gün Britaniýa gider.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä dekabr aýynyň 3-5-i aralygynda Birtaniýada geçiriljek maslahata Prezident Erdogan bilen Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak we Milli goranmak ministri Hulusi Akar hem gatnaşar.

Liderleriň maslahatynda NATO agza ýurtlara abanýan ähli howplara we synaglara garşy bilelikde hem-de arkalaşykly hereket etmegiň we Ýewropa-Atlantika öwüşgininiň ähmiýetiniň nygtalmagy meýilleşdirilýär.

Maslahatda aýratynam hyzmatdaşlygyň aktual howpsyzlyk şertlerine utgaşyklygy boýunça alynyp barylýan işlerde ýetilen sepgitleriň seljerilmegine, şol ugurda liderler tarapyndan guramanyň 2020-nji ýyllara taýarlanmagy boýunça gönükdirme bermegi nazarda tutulýar.

Maslahatdan soň “London Jarnamasynyň” kabul edilmegine garaşylýar.

Prezident Erdoganyň maslahatyň çäginde gatnaşyjy käbir döwlet we hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär.

Erdogan sapary mynasybetli Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Dörttaraplaýyn maslahata gatnaşar.

Maslahatda Siriýa we Liwiýa ýaly sebitleýin meselelere garalar.

Prezident Erdogan Britaniýa saparynyň soňky gününde Kemrij metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşar.

 


Etiketkalar: #maslahat , #NATO , #London , #Erdogan

Degişli Habarlar