Penje operasiýasynyň çäginde häzire çenli 163 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrorçylar tarapyndan goýlan 2 müňden gowrak partlaýjy maddasy hatardan çykaryldy
Milli Goranmak ministrligi, Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy guralýan Penje operasiýasynyň çäginde häzire çenli 163 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.
Milli Goranmak ministrligi, Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy zolagynda bolsa häzire çenli terrorçylar tarapyndan goýlan 2 müňden gowrak partlaýjy maddasynyň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.
Milli Goranmak ministrliginiň beýanatynda, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň çäginde, Türk ýaragly güýçleriniň göçme hassahanasynyň, Tel Abýadyň we Rasulaýnyň obalaryna çenli barandygyny we siriýalylara saglyk hyzmadyny berendigi nygtaldy.
Beýanatda terrorçylaryň mekdeplerde raketa öndürendigi nygtaldy we Nukra obasynda terrorçylar tarapyndan haraba öwrülen mekdebiň abatlanandyg ýatladyldy.
Türk ýaragly güýçleriniň, ABŞ we Russiýa bilen Siriýanyň demirgazygynyň terrordan saplanmagy baradaky ylalaşygyna laýyklykda hereket edýändigi bellenildi
Yrakda guralýan Penje operasiýasynda hem şu günki güne çenli 163 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy, terrorçylar tarapyndan gaçybatalga hökmünde ulanylan 53 gowak bilen 78 sany partlaýjy maddasynyň hem hatardan çykarlandygy ýatladyldy
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gazagystanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow Ankarada saparda boldy