Erdogan: "Türk-Katar Bilelikdäki Harby serkerdelik akýürekliligiň anyk beýanydyr"

Prezident Erdogan resmi sapar bilen giden Kataryň paýtagty Dohada Türk-Katar Bilelikdäki Harby serkerdeligine bardy

1312271
Erdogan: "Türk-Katar Bilelikdäki Harby serkerdelik akýürekliligiň anyk beýanydyr"

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türk-Katar Bilelikdäki Harby serkerdeligiň diňe Kataryň däl, eýsem bütin Pars aýlagy sebitiniň durnuklylygyna we parahatçylygyna goşant goşýandygyny belledi. 

Prezident Erdogan resmi sapar bilen giden Kataryň paýtagty Dohada Türk-Katar Bilelikdäki Harby serkerdeligine bardy. 

Ol ýerde türk esgerler bilen duşuşyk geçiren Erdogan: "Türk-Katar Bilelikdäki Harby serkerdelik akýürekliligiň anyk beýanydyr. Beýlekiler ýaly bähbidiň, gegemoniýanyň önümi däldir. Bu bazanyň ýapylmagyny talap edenler, ýurdumyzyň Kataryň kyn gün dostydygyna çydam edip bilmeýänlerdir. Biz dostumyzy howplaryň astynda ýalňyz goýmadyk, goýmarysam. Siziň bir ýerdäki barlygyňyz, diňe Kataryň däl, eýsem Pars aýlagy sebitiniň parahatçylygyna goşant goşýar" diýip belledi. 

Erdogan, türk esgerleriniň harby birikmesiniň mundan beýläk Halid Bin Welid diýip atlandyryljakdygyny beýan etdi. 

 


Etiketkalar: #Katar , #Erdogan

Degişli Habarlar