Türkiýe DAIŞ-e agza gollandiýaly 2 terrorçyny öz ýurdyna ugratdy

Türkiýe Gollandiýanyň raýaty bolan DAIŞ-e agza 2 terrorçyny öz ýurdyna ugratdy

1309464
Türkiýe DAIŞ-e agza gollandiýaly 2 terrorçyny öz ýurdyna ugratdy

Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, daşary ýurtly terrorçylaryň öz ýurtlaryna ugradylmak tapgyrynyň dowam edýändigi habar berildi.

Beýanatda, şol çäkde düýn Gollandiýanyň raýaty bolan DAIŞ-e agza 2 terrorçynyň öz ýurtlaryna ugradylandygy aýan edildi.

Beýleki tarapdan, Gollandiýanyň Prokuraturasyndan berilen ýazmaça beýanatda, Siriýadan Türkiýä geçen we ýurtdan çykarylan DAIŞ-e agza 2 zenan terrorçynyň sişenbe güni Amsterdam Shiphol howa menzilinde göz tussaglygyna alynandygy mälim edildi.

Beýanatda, 3 we 4 ýaşlarynda çagalary bolan 25 ýaşyndaky DAIŞ-e agza zenanyň oktýabr aýynyň ahyrynda Gollandiýanyň Ankara şäherindäki ilçihanasyna ýüz tutandygy, beýleki zenanyň bolsa 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkiýede göz tussaglygyna alynandygy habar berildi.

Beýanatda DAIŞ-e agza 2 zenan terrorçynyň anna güni Rotterdamyň kazyýetine gönükdiriljekdigi aýan edildi.

11-19-njy noýabr aralygynda Germaniýanyň 10 raýaty, Daniýanyň 1 raýaty, Britaniýanyň 1 raýaty, ABŞ-nyň 1 raýaty we Gollandiýanyň 2 raýaty bolan terrorçylar Türkiýeden öz ýurtlaryna ugradyldy.


Etiketkalar: #zenan , #terrorçy , #Gollandiýa

Degişli Habarlar