Çawuşogly: “ABŞ we Russiýa ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmediler”

Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň we Russiýanyň Siriýanyň demirgazygy bilen bagly gazanylan ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmändiklerini habar berdi

1308661
Çawuşogly: “ABŞ we Russiýa ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmediler”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, TBMM-nyň Plan we Býujet komissiýasynda eden çykyşynda: “Häzirki wagta çenli ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etdilermi, ýok etmediler. Edilmegi zerur” diýip belledi.

Çawuşogly, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Siriýanyň demirgazygyndan saplanmagy bilen bagly: “Netije alyp bilmesek, edil ABŞ bilen synap görenimizden soň, operasiýa başlanymyz ýaly şolar ýaly edip ýene-de öz ýolumyzy dowam etdireris” diýip nygtady.

Çawuşogly, Türkiýäniň, ABŞ bilen Russiýanyň arasynda galan bir ýurt bolmandygyny belläp: “Biziň taýarlan tekstiň üsti bilen gepleşikler geçirilip, ylalaşyk ýola goýuldy we umumy beýanatlar berildi. Netijede biz bu ýerde 2 aýry ýurt bilen 5 gün arakesme bilen ylalaşyk gazandyk. Häzirki wagta çenli ylalaşygyň düzgünlerini dolulygyna berjaý etdilermi? Ýok, etmediler, edilmegi zerur. Biz ylalaşyga laýyklykda öz üstümize düşeni etdik. Hüjümler guralan mahaly hem gerek bolan jogaby berdik. Eger bu ýerde netije alyp bilmesek, edil ABŞ bilen synap görenimizden soň, operasiýa başlanymyz ýaly şolar ýaly edip ýene-de öz ýolumyzy dowam etdireris. Mundan başga çäre ýok. Edil ýanymyzdaky terror howpyny biziň saplamagymyz hökman” diýip nygtady.



Degişli Habarlar