“Sapar biziň üçin netijeli geçdi. Türkiýe tezislerini açyk aýdyn beýan etdi”

Kalyn TRT Habar kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

1307489
“Sapar biziň üçin netijeli geçdi. Türkiýe tezislerini açyk aýdyn beýan etdi”

 

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn S-400 howa goranyş ulgamlary meselesinde ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmäge başlandyklaryny aýtdy

Kalyn düýn TRT Habar kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

S-400 we F-35 meselesi hakyndaky soraglara jogap beren Kalyn, “Ak Tamda bolan duşuşykda  iki lider maňa we ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Robert OBriene uly jogapkärçilik berdi we biz bilelikde işleşmäge başladyk” diýdi.

Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň NATO-nyň çäginde däl-de iki taraply ýagdaýda alnyp baryljakdygyny aýdan Kalyn, S-400 ulgamynyň NATO-nyň goranyş ulgamyna utgaşykly ýagdaýa getiriljekdigini nygtady.

Ibrahim Kalyn, Türkiýäniň Patriot howa goranyş ulgamlaryny hem almak isleýändigini we şol iki ulgamynyň biri-biri üçin howply bolmandygyny we birlikde ulanylyp bilinjekdigini belledi.

Kalyn Prezident R. T. Erdoganyň ABŞ-na guran sapary hakynda durup geçdi we “Sapar biziň üçin netijeli geçdi. Türkiýe tezislerini açyk aýdyn beýan etdi” diýdi.

Kalyn Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň ýanwar aýynyň birinji ýarymynda Türkiýä sapar guramagyna we Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşmagyna garaşylýandygyny aýratyn belledi.



Degişli Habarlar