Ministr Soýlu: “Germaniýa we Gollandiýa DAIŞ-e agza raýatlaryny kabul eder” diýdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, terrora garşy operasiýalaryň dowam edýändigini belläp, DAIŞ-iň iňňän möhüm wekilleriniň birini ýakyn wagtda Siriýada ele salandyklaryny mälim etdi

1305771
Ministr Soýlu: “Germaniýa we Gollandiýa DAIŞ-e agza raýatlaryny kabul eder” diýdi

Süleýman Soýlu, Wan şäherinde “Goragçylara hyzmat içi tälim” atly seminarda çykyş etdi.

Çykyşynda, Germaniýanyň we Gollandiýanyň, öz ýurtlarynyň raýatlary bolan DAIŞ-e agza terrorçylaryny, maşgalalary we çagalary bilen bilelikde aljakdyklaryny aýdan Soýlu: “Beýleki ýurtlardan hem şoňa meňzeş hyzmatdaşlyga, şoňa meňzeş jebislige we şoňa meňzeş pozisiýa garaşýarys. Şonuň üçin terrora garşy ählimiz bilelikde göreş alyp barjak bolsak, her kim öz terrorçysyna eýe çyksyn. Biz hiç bir ýurdyň terrorçysynyň otagy däldiris, myhmanhanasy däldiris” diýip belledi.

Terrora garşy göreş etabynyň çäginde DAIŞ-yň iňňän möhüm wekilleriniň birini gysga wagt ozal Siriýada ele salandyklaryny aýdan Soýlu, bu terrorçynyň soraga çekilmek tapgyrynyň dowam edýändigini aýan etdi.

FETÖ garşy göreşiň hem üstünde durup geçen Soýlu: “FETÖ garşy göreşimiz hem şol bir tutanýerlilik bilen dowam edýär. Bu FETÖ meselesini düýbünden ýok edýänçäge çenli, kim näme diýse diýsin ortadan aýyrarys. FETÖ garşy öňümizdäki günlerde hem örän uly bir operasiýa geçireris, egindeşlerimiz taýarlyklaryny dowam etdirýär” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar