Erdogan 10-njy noýabr Atatürki hatyralama güni mynasybetli geçirilen çärede çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Siriýada 8 müň 100 ind kilometrden gowrak ýeriň howpsyz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

1303560
Erdogan 10-njy noýabr Atatürki hatyralama güni mynasybetli geçirilen çärede çykyş etdi

Erdogan, Beştepede Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň bakyýete gitmeginiň 81-nji ýyly mynasybetli geçirilen çärede çykyş etdi.

Howpsyz ýagdaýa getirilen sebitlere siriýalylaryň gaýdyp barmaklary üçin gerek bolan şertleriň döredilendigini aýdan Erdogan, häzirki wagta çenli 365 müň siriýalynyň öz topraklaryna gaýdyp barandygyny mälim etdi.  

Maksatlarynyň Türkiýede ýaşaýan ähli siriýalylary öz öýlerine ugratmakdygyny aýdan Erdogan, şonuň bilen bagly taslamalaryň taýarlanandygyny aýan etdi.

Hinlerine girilen ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň gaçmaga deşik tapmaýandyklaryny aýdan Erdogan: “Siriýada meniň işim bolmaly däl diýýärsiňiz welin, Siriýanyň biziň topraklarymyzda näme işi bar? Meniň esgerim şehit bolanokmy? ÝPG/PKK ol ýerden hüjüm guraýar, biz bolsa gerek bolan jogaby berýäris. Milli ygtyýary ýok etmek üçin ellerindäki gizlin we açyk bolan ähli ýollary synadylar, ondada maksatlaryna ýetmediler” diýip nygtady.

Prezident Erdogan, Sakarýa welaýatyndaky taňk poddon fabriginiň satylmajakdygyny hem sözleriniň üstüne goşdy.  

“Ýurdumyzy 2023-nji ýyldaky maksatlaryna ýetirip, dünýäniň iň ýokary ligasyna çykarmakda tutanýerlidiris” diýen Erdogan, “Atatürke düşünmegem, ýatlamagam şular ýaly bolmaly, ýönekeý söz bilen däl” diýip beýan etdi.


Etiketkalar: #Atatürk , #Beştepe , #Erdogan

Degişli Habarlar