“Gyran-5” operasiýasy başlady

Içeri işler ministrligi, Diýarbakyr, Bingöl we Muş welaýatlarynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Gyran-5 operasiýasynyň başlandygyny habar berdi

1302764
“Gyran-5” operasiýasy başlady

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, Diýarbakyr-Muş-Bingöl ara zolagyndaky Şenýaýla sebitinde başladylan operasiýa, Diýarbakyr we Tunjeli Žandarma serdelikleri tarapyndan, ekstremist terror guramasy PKK-nyň gyşky taýarlyklarynyň öňüniň alynmagy we sebitde bar bolandygy anyklanan terrorçylary täsirsiz ýadgaýa getirmek maksady bilen amala aşyrylýandygy mälim edildi.

Operasiýa Diýarbakyr, Bingöl we Muş welaýat Žandarma serdeliklerinde iş alyp barýan žandarma kommandoslary, Žandarmanyň ýöriteleşdirilen toparlary, Polisiýanyň ýöriteleşdirilen toparlary we howpsyzlyk goragçylaryndan ybarat 2625 adam, 179 operasion topar gatnaşýar.



Degişli Habarlar