“Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň howpsyz zolakdan çykarylmagý barada beren sözlerinde durmadylar”

Prezident Erdogan Ankaranyň Esenboga howa menzilinde metbugata beýanat berdi

1301912
“Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň howpsyz zolakdan çykarylmagý barada beren sözlerinde durmadylar”

Prezident R. T. Erdogan, “Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň howpsyz zolakdan çykarylmagý barada beren sözlerinde durmadylar” diýdi.

Prezident Erdogan Wengriýa gurajak resmi saparynyň öňüsyrasynda Ankaranyň Esenboga howa menzilinde metbugata beýanat berdi.

Beýanatynda Siriýanyň demirgazygynda, daşarky güýçleriň goldaw bermeginde terror koridoryny açmak islän ÝPG/PKK-a we DAIŞ-e garşy geçirlen “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda durup geçen Erdogan “Ýurdumyz, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen 8 ýyllyk arzuw-hyýallaryny diňe 8-9 günde puja çykardy” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň terrorçylara goldaw berenleri asla ýatdan çykarmajakdygyny nygtady.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda Siriýanyň demirgazyk gündogary meselesinde gazanylan ylalaşyk hakynda hem durup geçen Erdogan “ÝPG/PÝD, DAIŞ we PKK-nyň howpsyz zolakdan çekilendigini we çekilmekleri barada söz berenler sözünde durmady” diýdi.

Şol terrorçylaryň Siriýanyň Milli goşunyna hüjüm edýändigini aýdan Erdogan “Şu gün irden 11 esger şehit boldy, elbetde has köp terrorçy öldürildi” diýdi.



Degişli Habarlar