Milli gämiden milli raketa atyldy

Türkiýäniň ilkinji deňiz ganatly raketasy Atmaja, TJG Kynalyada gämisi bilen üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirildi

1300061
Milli gämiden milli raketa atyldy

Synaglaryna dowam ediljek Atmaja raketasynyň, 2020-nji ýylyň 2-nji ýarymynda inwentara goşulmagyna garaşylýar. 

Islendik howa şertlerinde ulanyp bolýan, döwrebap, dolandyrylýan raketa bolan Atmaja, çärelere çydamly, nyşanany täzeleme, tazeden hüjüm etme we berilen wezipäni goý bolsun etmek ýaly döwrebap meýilleşdirme ulgamy saýasynda, erkin we hereketli nyşanalara garşy täsirli bir raketadyr. 

200 kilometrden gowrak menzile eýe bolan, dolandyrylýan raketa, görünýän liniýanyň daşyndaky nyşanalara garşy hem uly bir howp emele getirýär. 

Harby-deňiz güýçleriniň çägindäki platformalara integrasiýasy dowam edýän Atmaja, ilki bilen MILGEM korwetlerine integrasiýa ediler. Atmaja ozal inwentarda bolan, Amerikada öndürilen Harpoon raketalarynyň ýerine geçer. 

ROKETSAN, Atmaja bilen gämileriň hüjüm ediji güýjüni emele getirjek tankydy bir ulgamyň hem üpjün ediji bir kärhanasy bolar. Dünýäde Atmaja bilen bir synpda bolan az sanda raketa bar. 

 


Etiketkalar: #synag , #Atmaja , #raketa

Degişli Habarlar