“Türkiýeden Germaniýa göçenler syýasy, sosial we medeni gurluşa hem goşant goşdy”

ÝTB-niň Başlygy Abdullah Eren Germaniýa göçüň 58 ýyllygy mynasybetli beýannama berdi

1298506
“Türkiýeden Germaniýa göçenler syýasy, sosial we medeni gurluşa hem goşant goşdy”

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar ederasynyň (ÝTB) Başlygy Abdullah Eren Türkiýeden Germaniýa göçenleriň ýurduň diňe bir el güýjüne däl, eýsem ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik we medeni gurluşyna hem goşant goşandygyny aýtdy.

ÝTB-den berilen ýazmaça beýanata görä Eren Germaniýa göçüň 58 ýyllygy masybetli garaýyşlaryny beýan etdi.

Ýewropa ýurtlarynyň Ýewropadaky türkleri gazananlaryndan biri hökmünde kabul etmelidigini nygtan Eren: “Geçen möhletde diňe bir Germaniýanyň el güýjüne däl, eýsem ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik we medeni gurluşyna hem işjeň goşant goşmaklaryna şert döretdi. Şol möhletde esasy bölegi dilini bilmeýän ýurtlarynda üstünlik hekaýatlarynyň gahrymanlary bolan ilkinji nesil, şu günki günde dördünji nesile ýetdi. Men bu ýaş we hyjuwly neslimiziň günsaýyn başarjaň we üstünlikli işleriň hötdesinden gelip, ene watan hem-de ene dili bilen arabaglanşygyny üzmän iki ýurduň gatnaşyklarynda möhüm pozisiýa eýelejekdiklerine ynanýaryn” diýdi.

Beýannamada mundan 58 ýyl ozal, 1961-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Germaniýanyň Bonn şäherinde “El güýji ylalaşygy” bilen birinji tapgyrda 2,5 müň türk raýatynyň Germaniýa göçendigi nygtalýar.

Türk raýatlarynyň aradan geçen möhletde Germaniýada syýasatdan ykdysadyýete, medeniýetden sporta jemgyýetiň her bir ugrunda özüni subut edendigine üns çekilýän beýannamada, 3,5 milliondan gowrak ilatly türk raýatlarynyň dördünji nesile ýetendigi, ÝTB-niň daşary ýurtlardaky ähli raýatlar üçin bolşy ýaly Germaniýada raýatlar üçin hem bilim, medeniýet, hukuk ýaly eneçeme ugurda taslamalary iş ýüzüne geçirýändigi nygtaldy.



Degişli Habarlar