Parahatçylyk çeşmesi operasiýasy sebitinde bir esger şehit boldy

Wakada şeýle hem 6 esger ýaralandy

1298185
Parahatçylyk çeşmesi operasiýasy sebitinde bir esger şehit boldy

Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde ozaldan terrorçylar tarapyndan ýerleşdirilen elde ýasalan partlaýjynyň ýarylmagy netijesinde 1 esger şehit boldy, 6 esger ýaralandy.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde ozaldan terrorçylar tarapyndan ýerleşdirilen elde ýasalan partlaýjynyň ýarylandygy habar berildi.

Partlamanyň netijesinde 1 esgeriň şehit bolandygy, 6 esgeriň ýaralanandygy aýdylýan beýanatda, ýaralanan esgerleriň hassahana alynyp gidilip, bejergi astyna alynandygy mälim edildi.

Milli Goranmak ministrligi beýanatynda: “Bizi çuňňur gynandyran we gama batyran bu hadysada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we beýik türk milletine gynanç we sabyr, ýaralanan gahrymanlarymyza bolsa gyssagly şypalar dileýäris” diýip aýan edildi.



Degişli Habarlar