Çawuşogly Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1298199
Çawuşogly Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Çawuşogly we Pompeo telefon söhbetdeşliklerinde ABŞ-nyň Wekiller palatasynda kabul edilen taslamalary we Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

ABŞ-nyň Wekiller palatasynda 29-njy oktýabrda Parahatçylyk çeşmesi operasiýasy bilen baglanşykly Türkiýä garşy sanksiýalaryň girizilmegi bilen bagly kanun taslamasy bilen 1915-nji ýyldaky toslama ermeni garaýyşlary öz düzüminde jemleýän karar kabul edilipdi.



Degişli Habarlar