Türkiýe Somali döwletine gynanç bildirdi

Türkiýe Somalide başdan geçirilen sil apatynda ýogalan adamlar sebäpli Somaliniň halkyna gynanç bildirdi

1296637
Türkiýe Somali döwletine gynanç bildirdi

 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Somaliniň Beledweýne şäherine ýaramaz täsir ýetiren sil apatynyň adam ýitgilerine we uly zyýana sebäp bolandygy habar berildi. 

Beýanatda: "Dost we dogan Somaliniň halkynyň gussasyny tüýs ýüregimiz bilen paýlaşýarys, tebigy heläkçilikde ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna bolsa gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 

 


Etiketkalar: #gynanç , #sil apaty , #Somali

Degişli Habarlar