"Taryhy syýasy maksatly ulanýanlaryň karary, hökümetimiz we halkymyz üçin ýok hasabynda”

Çawuşogly, ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň toslama ermeni garaýyşlary hakyndaky tezisleriniň özleri üçin ýok hasabyndadygyny aýtdy

1296876
"Taryhy syýasy maksatly ulanýanlaryň karary, hökümetimiz we halkymyz üçin ýok hasabynda”

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň toslama ermeni garaýyşlary hakyndaky tezisleriniň özleri üçin ýok hasabyndadygyny aýtdy

Ministr Çawuşogly Twitterden beren beýanatynda “Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK/SDG-ä garşy başladylan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen uly oýuny bozduk. Arzuw hyýallary puja çykanlar köne tezislerini ýaňadandan gün tertibine getirdi. Şeýlelikde bizden ar alandyrys öýdýärler. Taryhy syýasy maksatly ulanýanlaryň şol gelşiksiz karary, hökümetimiz we halkymyz üçin ýok hasabyndadyr” diýdi.

ABŞ-nyň Wekiller palatasy, 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar bilen arabaglanşykly ermeni garaýyşlaryny ykrar edýän karar taslamasyny kabul edipdi.

 



Degişli Habarlar