Türkiýe Respublikasy 96 ýaşynda

1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilen Respublika 96 ýaşynda

1296350
Türkiýe Respublikasy 96 ýaşynda

Garaşsyzlyk baýramy her ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem ýurdyň ähli ýerinde we Türkiýäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda dabara bilen bellenilip geçilýär.

Mersin Döwlet opera we balet edarasy, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli konsert berdi.

Konsertede Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynda uly orun eýelän wakalar, ýagny Çanakkale, Sakarýa we Beýik Hüjüm söweşleri sahnalaşdyryldy.

Karabük şäherinde 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli geçirilen fakelli ýörüşe bolan gyzyklanma uly boldy.

Raýatlar, häkimligiň aýdym-saz toparynyň ýoldaşlyk etmeginde ellerindäki Türkiýäniň ägirt uly baýdagy we fakeller bilen şäheriň meýdançasyna çenli ýörediler.

Eskişehir şäherinde hem şüweleňli dabaralar geçirildi.

Porsuk Çaýy derýasynda gaýyklarda fakeller ýakyldy we feýrwerkler atyldy.  

Tulumyň we horonyň ýoldaşlyk etmegindäki dabaranyň ýene-de bir salgysy bolsa Rize welaýatynyň Çaýeli etraby boldy.

Ahmet Mesut parkynda ýygnanan adamlar, etrabyň merkezine çenli ýöräp, Respublikanyň esaslandyrylmagynyň 96 ýyllygyny belläp geçdiler.

Aýdyn welaýatynyň Söke etrabynda hem Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çäreler geçirildi.

Respublika meýdançasynda ýygnanan adamlar, fakeller we Türkiýäniň baýdagy bilen ýörüş geçirdiler. Etrabyň merkezinde bolan konserte adamlar uly gyzyklanma bildirdiler.



Degişli Habarlar