Aksoý DAIŞ-iň ýolbaşçysy Bagdada garşy geçirilen operasiýa bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçysy Ebubekir Al-Bagdadiniň, adamzadyň, Yslam dininiň we Türkiýäniň iň uly duşmanlarynyň biri bolandygyny habar berdi

1295714
Aksoý DAIŞ-iň ýolbaşçysy Bagdada garşy geçirilen operasiýa bilen bagly beýanat berdi

Hami Aksoý, Bagdadiniň öldürilmegi bilen baglanşykly soraga beren ýazmaça jogabynda şulary belläp geçdi: “Terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçysy Ebubekir Al-Bagdadi, adamzadyň, Yslam dininiň we Türkiýäniň iň uly duşmanlarynyň biridi. Türkiýe, DAIŞ-e garşy göreşiň Halkara koalisiýasynyň iň işjeň agzalarynyň biri hökmünde, bu terrorçynyň guran terror guramasy bilen we onuň wekilçilik eden ters düşünjä garşy öň hatarda döşüni gerip göreşdi. Hem DAIŞ, hem-de PKK/PÝD ýaly terror guramalaryna garşy göreşimiz mundan soň hem arakesmesiz ýagdaýda dowam eder.”



Degişli Habarlar