" Türkiýe-Siriýa serhedinde 10 kilometrlik zolakda türk-rus bilelikdäki gözegçilik işleri başlar"

Prezident Erdogan, Türkiýe-Siriýa serhedinde 10 kilometrlik zolakda türk-rus bilelikdäki gözegçilik işleriniň başlajakdygyny aýtdy

1292757
" Türkiýe-Siriýa serhedinde 10 kilometrlik zolakda türk-rus bilelikdäki gözegçilik işleri başlar"

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýe-Siriýa serhedinde 10 kilometrlik zolakda türk-rus bilelikdäki gözegçilik işleriniň başlajakdygyny aýtdy

Iş sapary bilen Russiýanyň Soçi şäherine baran Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin 6 sagat dowam eden özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan metbugata beren beýanatynda, bir wagtlar ady terror bilen agzalan Siriýada, Türkiýäniň tagallasy netijesinde durnuklylygyň we asudalygyň üpjün edilendigine ünsi çekdi.

“350 müňi kürt, 3 million 650 müň siriýaly doganyna 8,5 ýyldan bäri gujak açýan Türkiýe, indi şol doganlarynyň watanlaryna dolanmaklary üçin tagalla edýär” diýen Prezident Erdogan, rus kärdeşi Wladimir Putin bilen “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynda ýetilen sepgit hakynda pikir alyşandygyny belledi.

Ylalaşyga laýyklykda Türkiýe-Siriýa serhedindäki ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD-niň 23-nji oktýabrdan sagat 12.00-dan başlap 150 sagadyň içinde ýaraglary bilen birlikde serhetden 30 kilometre çenli çekiljekdigini aýdan Erdogan, şondan soň türk-rus güýçleriniň 10 kilometrlik zolakda bilelikdäki gözegçilik işleriniň başlajakdygyny ýatlatdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hem beýanatynda, Türkiýäniň serhetlerindäki howpsyzlyk aladasyna düşünýändiklerini nygtady.

Putin “Türkiýäniň milli howpsyzlygynyň goralyp saklanmagy üçin edýän tagallasyna goldaw berýändigimizi birnäçe gezek nygtadyk” diýdi.

Iki lideriň bilelikdäki beýanatyndan soň 10 maddalyk ylalaşyk teksti Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly tarapyndan okaldy

Daşary işler ministri Çawuşogly, Siriýanyň Tel Aýtad we Rasulaýn etraplaryny öz içine alýan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda ylalaşygyň goralyp saklanjakdygyny aýtdy

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan 9-njy oktýabrda Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda başladylan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna, ABŞ bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda penşenbe günü arakesme berlipdi.

 



Degişli Habarlar