Prezident Erdogan, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda maglumat berdi

“9 günde 765 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirip 1500 ine dördük kilometrlik meýdany guramanyň zulumyndan halas etdik"

1291540
Prezident Erdogan, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda maglumat berdi

Prezident R. T. Erdogan, Siriýanyň demirgazygynda geçirlen “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen 9 günde 1500 ine dördül kilometrlik meýdanyň terrordan saplanandygyny aýtdy

Stambulda Rize jemgyýetleri federassiýasy tarapyndan geçirlen çärede çykyş eden Erdogan, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda maglumat berdi.

Prezident Erdogan “9 günde 765 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirip 1500 ine dördük kilometrlik meýdany guramanyň zulumyndan halas etdik. Rasulaýn we Tel Abýat bilen birlikde 11 etrapçany gözegçilik astyna aldyk. Şol etrapçalarda ýaşaýan doganlarymza azyk we saglyk kömegi berildi we degişli ähli çäreleri gördük. Saglygy goraýyş ministrligimiz we AFAD bilen birlikde jemgyýetçilik guramalarymyz hem ýardam kampaniýalaryna başlady” diýdi.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda 17.nji oktýabrda gazanylan we terror guramasy PKK/ÝPG-nyň 120 sagadyň dowamynda howpsyz zolakdan çekilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyk hakynda durup geçen Erdogan “120 sagadyň dowamynda garaşylýan  netije alynman halatynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy galan ýerinden dowam eder” diýdi.

Prezident Erdogan “Biz terror guramasy bilen däl eýsem ABŞ bilen ylalaşyk gazandyk we bu mesela üns berilmeli” diýdi.

Erdogan, Türkiýäniň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen Siriýa serhedinde döredilmäge çalşylýan terror koridoryna uly zarba urandygyna ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar