"Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK Siriýanyň demirgazygyndan çekilmäge başlady"

Erdogan Stambulda Juma namazyndan soň metbugata beýannama berdi

1290437
"Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK Siriýanyň demirgazygyndan çekilmäge başlady"

Prezident R. T. Erdogan, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Siriýanyň demirgazygyndan çekilmäge başlandygyny habar berdi.

Erdogan Stambulda Juma namazyndan soň metbugata beýannama berdi.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda düýn gazanylan Türk ýaragly güýçleri bilen Siriýanyň Milli goşunynyň Siriýanyň demirgazygyndaky terrorçylara garşy geçirýän “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň wagtlaýyn saklanmagy meselesinde gazanylan ylalaşyk barada durup geçen Prezident Erdogan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen birlikde Ýewropaly ýurtlaryň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirildi. Düýn hem möhüm gepleşiklerden biri geçirildi. Jenap Tramp bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligimizde topara gepleşigiň geçirilmeginiň has ýerlikli boljakdygyny nygtadyk. ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pensiň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet  ýurdumyza geldi. Şol wekiliýetler meniň kesgitlän wekiliýetim bilen alynky gepleşik geçirdiler. Soň bolsa jemleýji gepleşigi geçirdik” diýdi.

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pens bilen ilki iki çäk duşuşyk geçirendigini aýdan Erdogan “Toparara gepleşikleriň netijesinde 13 maddalyk bilelikdäki jarnama dünýä halk köpçüligine ýetirildi. 120 sagatlyk möhlet başlady” diýdi.

“Uzunlygy 444 kilometrlik meýdanyň 120 sagatda boşadylmagy meselesinde ylalaşyk gazandyk” diýen Erdogan “Yzygiderli ýagdaýda aragatnaşyk saklarys. 120 sagatlyk möhleti üstünlikli tamamlap bilsek.., sişenbe güni hem Jenap Putin bilen duşuşaryn. Putin bilen boljak duşuşygymy hem etabyň bir bölegi hökmünde görýärin. Milli Goramak ministrim terrorçylaryň çekilmäge başlandygyny aýtdy. Ylalaşyga laýyklykda esgerlerimiz sebitde galmaga dowam eder” diýip belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar