“Türk esgeri Siriýada halkyň ýanynda, terrorçylaryň garşysynda bolar”

Milli goranmak ministri Hulusi Akar türk esgeriniň Siriýada halkyň ýanynda, terrorçylaryň garşysynda boljakdygyny aýtdy

1285181
“Türk esgeri Siriýada halkyň ýanynda, terrorçylaryň garşysynda bolar”

Hulusi Akar Türk ýaragly güýçleriniň Ýefrat derýasynyň gündogarynda dowam etdirilýän “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy boýunça Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň utgaşyklyk maslahatyndan soň beýanat berdi.

Şu günki güne çenli bolşy ýaly “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynda-da asuda ilatyň, taryhy eserlerin, medeni we dini binalaryň eldegirilmesizdigini nygtan Hulusi Akar; “Diňe bir ýurdumyzyň we milletimiziň däl, eýsem sebitimizde ýaşaýan beýleki dini we etniki toparlaryň hem howpsyzlygyna uly ähmiýet berýäris” diýdi.

Türkiýe-Siriýa serhedinde döredilmegi meýilleşdirilýän Howpsyz zolagyň bosgunlaryň öýlerine dolanmagy üçin iň ýerlikli we gumanitar çözgüt boljakdygyny nygtan Akar: “911 kilometrlik serhedimizde terror koridorynyň açylmagyna asla ýol bermeris” diýdi.



Degişli Habarlar