Türk esgerleri Ýefrat derýasynyň gündogaryna girdi

“Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasynyň çäginde gury ýer hüjümleri başlady

1285082
Türk esgerleri Ýefrat derýasynyň gündogaryna girdi

Türk esgerleri ýurtda we sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin Ýefrat derýasynyň gündogaryna girdi.

Türk ýaragly güýçleriniň Siriýada başladan terror guramalary PKK/PÝD we DAIŞ-i nyşana alýan “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasynyň çäginde gury ýer hüjümleri başlady

Türk esgerleri 3 nokatdan serhedi geçip, sebiti gözegçilik astyna alan terrorçylara garşy gury ýerden hüjüm guramaga başlady

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada “Gahryman türk esgerlerimiz bilen Siriýanyň Milli goşuny “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasynyň çäginde, Ýefrat derýasynyň gündogarynda gury ýer hüjümlerine başlady” diýildi.

Prezident R. T. Erdogan şu gün Türkiýe wagty bilen sagat 16.00-da howa güýçleri tarapyndan “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasynyň başladylandygyny mälim edipdi.

Prezident Erdogan “Türk ýaragly güýçleri, Siriýanyň demirgazygynda terror guramalary PKK/PÝD we DAIŞ-e garşy “Parahatçylyk operasiýasyny başlatdy” diýipdi.

Terrorçylara degişli ýerleri nyşana alan türk uçarlary nyşanalaryny hatardan çykardy



Degişli Habarlar