Yragyň demirgazygyna guralan operasiýada 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

“Penje” operasiýasynyň çäginde Yragyň demigazygyndaky Hakurk we Gara etraplarynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň 8 terrorçysy ýok edildi

1280928
Yragyň demirgazygyna guralan operasiýada 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Milli goranmak ministrliginden berilen beýannama görä Hakurk etrabynda geçirilen howa operasiýasynda 3 PKK terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçleriniň we Milli howpsyzlyk guramasynyň utgaşykly işleriniň netijesinde Yragyň demirgazygyndaky Gara etrabynda bolsa 5 PKK terrorçysynyň bardygy anyklandy.

PKK terrorçylary geçirilen howa operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelikde düýn geçirilen howa operasiýalary bilen täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 17-ä ýetdi.

“Penje” operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen jemi terrorçy sany bolsa 134 boldy.



Degişli Habarlar