Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Idlibdäki gözegçilik nokatlaryna goşmaça harby güýç iberdi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Siriýada Idlib dartgynlygy azaltmak zolagyndaky gözegçilik nokatlaryna köp sanda sowutly ulag, esger we harbylary daşaýan ulaglardan ybarat harby ulag kerwenini iberdi

1268281
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Idlibdäki gözegçilik nokatlaryna goşmaça harby güýç iberdi

Goşmaça maksat bilen iberilen ulag kerweniniň düzüminde köp sanda sowutly ulag, esger we harbylary daşaýan ulaglar bar.

Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda Astana ylalaşygynyň çäginde Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli 12 sany gözegçilik nokady bar.

Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib welaýaty ýurtda başlan içerki söweşiň iň başyndan bäri oppozisionerleriň galasy hökmünde bilinýär. Içerki migrasiýa bilen ilaty 4 million adama ýeten Idlibiň merkezi, 2015-nji ýylyň mart aýynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyna geçdi. Idlib Asada tabynlykdaky güýçleriň iň köp hüjüm guran ýerleriniň biri hökmünde bellige alyndy.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda gol çekilen ylalaşykdan bäri Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň hüjümlerinde 219-y zenan, 341-i çaga jemi 1 müň 282 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar