Diýarbakyrda asuda ilaty daşaýan ulaga terrorçylykly hüjüm guraldy

Hüjümde şehit bolan adamlara Alladan rehnet, dogan-garyndaşlaryna we türk milletine gynanç we sabyr dilendi

1268631
Diýarbakyrda asuda ilaty daşaýan ulaga terrorçylykly hüjüm guraldy

Diýarbakyryň Kulp etrabynda odun ýygnamaga giden ýönekeý raýatlary daşaýan ulaga ekstremist terror guramasy PKK-ly terrorçylar tarapyndan elde ýasalan bomba bilen guralan hüjümde 7 adam şehit boldy, 10 adam ýaralandy.

Ýaralanan adamlar Kulp etrabyndaky we Diýarbakyr şäherindäki tapawutly hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Hüjümden soň başladylan derňew işiniň çäginde, partlama bolmadan ozal wakanyň bolan ýerinde häkimlige degişli ulagyň görülendigi sebäpli 4 adamyň göz tussaglygyna alynmagy barada karar çykaryldy.

Içeri işler edarasy tarapyndan geçirilen operasiýada şübhe astynda bolan 4 adamyň 2-si, ýagny Halklaryň Demokratik partiýasynyň etrap başlygy bilen şol partiýanyň Kulp etrabynyň Ylmy işler boýunça direktory göz tussaglygyna alyndy.

Beýleki 2 adamyň tussag edilmegi üçin operasiýa dowam edýär.

Hüjümden soň PKK-ly terrorçylara garşy başladylan operasiýa dowam edýär.

Hüjümde şehit bolan adamlara Alladan rehnet, dogan-garyndaşlaryna we türk milletine gynanç we sabyr dilendi.

Prezident R.T. Erdogan Diýarbakyryň gubernatory Hasan Basri Güzelogly bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, terrorçylykly hüjüm bilen bagly maglumat aldy.

Terrorçylykly hüjümde şehit bolan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara gyssagly şypalar dilän Prezident Erdogan, terrorçylykly hüjümiň jogapkärleriniň tapylmagy üçin ähli mümkinçilikleriň ulanyljakdygyny we hadysa bilen ýakyndan gyzyklanjakdygyny habar berdi.

Erdogan şehit bolan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna jaň edip, gynanç bildirdi.

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop bolsa terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen beýanat berdi.

Şentop asuda ilaty nyşana alan bu ganly hüjümiň jogapsyz galmajakdygyny beýan etdi.

Respublikan Halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly hem Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Diýarbakyrda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.


Etiketkalar: #bomba , #hüjüm , #Kulp , #Diýarbakyr

Degişli Habarlar