Oktaý: “Türkiýe bosgun ammary däl”

Prezidentiň Orunbasary Fuat Oktaý Türkiýäniň bosgun ammary däldigini, gümbatar ýurtlarynyň ýüze çykaran dartgynlyklarynyň jerimesini çekçek ýurt hem däldigini aýtdy

1264980
Oktaý: “Türkiýe bosgun ammary däl”

Fuat Oktaý İtaliýanyň Sernobbio şäherinde guralýan 45-nji Ambrosetti maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda Siriýadaky çökgünlik we bosgunlar meselesi barada durup geçen Oktaý, Prezident R.T.Erdoganyň “gapylarymyzy açarys” diýlen beýannamasy barada: “Ol ne abaý-syýasat hem-de hemle atmakdyr. Ol hakykatdyr” diýdi.

Fuat Oktaý; “Nähli bolanda-da täze bir bosgun akymyny Türkiýe kabul eder diýilýän garaýyş we rahatlyk dolulygyna ýalňyş çemeleşme” diýdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Türkiýäniň G7-niň düzümine kabul edilmegi baradaky teklibi hakynda bolsa: “Türkiýe meselä gündogar-günbatar ýa-da tapawutly blok taýdan seretmez, öz bähbitleri taýdan sereder” diýdi.

Oktaý Türkiýäniň hem gündogar hem-de günbatar üçin uly pursat bolup durýandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar