Prezident Erdogan Howpsyz zolak bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Günbatar ýurtlaryna sözlerinde durup, bosgunlar babatynda Türkiýä goldaw bermeklerini, ýogsam-bolmasa bosgunlara Ýewropa geçmekleri üçin gapylary açjakdyklaryny beýan etdi

1264227
Prezident Erdogan Howpsyz zolak bilen bagly beýanat berdi

Ýurdyň Prezidenti we AK partiýanyň başlygy Erdogan, Partiýasynyň merkezinde geçirilen Welaýat başlyklarynyň Giňeldilen maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda Günbatar ýurtlarynyň bosgunlar babatynda Türkiýä beren sözlerinde durmandygyny aýdan Erdogan: “Howpsyz zolak bolmasa gapylara açmaga mejbur bolarys. Goldaw berýän bolsaňyz beriň, bermeseňiz gapylary açmaga mejbur galarys. Bu ýüki diňe biz götermelimi” diýdi.

Erdogan: “Myhman eden bosgunlaryň ýüküniň paýlaşylmagy babatynda ÝB başda bolmak bilen dünýäden gerek bolan goldawy alyp bilmedik. Almak üçin muny etmäge mejbur galyp bileris” diçip belledi.

“Sentýabr aýynyň ahyryna çenli Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky Howpsyz zolagy öz isleýşimiz ýaly döretmekde tutanýerlidiris” diýen Erdogan: “Maksadymyz siriýaly doganlarymyzyň azyndan 1 millionyny 450 kilometrlik serhet boýunça döretjegimiz Howpsyz zolaga ýerleşdirmekdir” diýip nygtady.


Etiketkalar: #Howpsyz zolak , #Erdogan

Degişli Habarlar