Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Hakkari welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň 2 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1262584
Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

İçeri işler ministrliginden berilen beýannama görä Hakkari welaýatynda terror guramasy PKK garşy “Gyran operasiýasynyň” çäginde Kazan jülgesinde operasiýa geçirildi.

Operasiýada 2 terrorçy täsirsiz ýagaýa getirildi.

Terrorçylaryň Hakkaride 1-nji iýunda 2 esger bilen 28-nji iýunda bir esgeriň şehit bolan terror hüjümlerine gatnaşandygy anyklandy.

Terrorçylaryň şeýle-de 26-njy awgustda Hakkariniň Doganly diýilýän ýerinde täsirsiz ýagdaýa getirilen mina-granat ýerleşdirme işine hem gatnaşandyklary anyklandy.



Degişli Habarlar