Yragyň demirgazygynda howa hüjümleri guraldy

Yragyň demirgazygyndaky Haftanin sebitine guralan howa hüjümlerinde, ekstremist terror guramasy PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda howa hüjümleri guraldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, üstünlikli ýagdaýda dowam edýän Penje-3 operasiýasynyň çäginde, Haftanin sebitine howa hüjümleri guraldy.

Ýarag liniýasy, gaçybatalga we gowak hökmünde ulanylan ýerleriň nyşana alynyp guralan howa hüjümlerinde, ekstremist terror guramasy PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýleki tarapdan, düýn Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we Milli Howpsyzlyk gullugynyň koordinasiýasy netijesinde, Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitine guralan howa hüjümlerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2-si zenan 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.


Etiketkalar: howa hüjümi , demirgazyk , Yrak

Degişli Habarlar